“Ýurdumyzyň rowaçlygy – halkymyzyň bagtyýarlygy” atly ylmy maslahat geçirildi.

Image description

2025-nji ýylyň 20-nji noýabrynda mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebimizde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Arkadag şäheriniň orta hünär okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda Ýurdumyzyň rowaçlygy – halkymyzyň bagtyýarlygy” atly ylmy maslahat geçirildi.

         Maslahatyň başynda mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebimiziň talyp ýaşlarynyň ýerine ýetirmeginde ýurdumyzyň parahatçylygyny, asudalygyny, abadanlygyny wasp edýän aýdymlar diňlenildi.

Ylmy maslahatda ýur­du­my­zyň bi­lim ul­ga­my­nyň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­nyň yzy­gi­der­li pug­ta­lan­dy­ryl­ýan­dy­gy, bi­lim ojak­la­ryn­da döw­re­bap teh­no­lo­gi­ýa­lar­dan peý­da­lan­mak üs­tün­lik­li ýo­la go­ýul­ýandygy, hä­zir­ki za­man teh­no­lo­gi­ýa­la­ry bi­len en­jam­laş­dy­ry­lan döw­re­bap ylym-bi­lim ojak­la­ryn­da hü­när­men­le­ri taý­ýar­la­mak üçin ze­rur şert­ler dö­re­dilýän­digi barada aýdyldy. 

Maslahatyň ahyrynda çykyş edenler ýurdumyzyň bilim ulgamyna aýratyn üns berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş sözlerini aýtdylar.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Ýurdumyzyň rowaçlygy – …

Metbugat gullugy