Zähmet, aýdym-saz, şekillendiriş sungaty we bedenterbiýe dersleri boýunça hepdelik geçirildi

Image description

2026-njy ýylyň aprel aýynyň 6-11-i aralygynda zähmet, aýdym-saz, şekillendiriş sungaty we bedenterbiýe dersleri boýunça hepdelik geçirildi. Hepdeligiň açylyş dabarasynda zähmet, aýdym-saz, şekillendiriş sungaty we bedenterbiýe dersleri bilen baglanyşykly, şeýle-de Watanymyzyň ösüşlerini wasp edýän goşgy we aýdym-sazly çykyşlar ýerine ýetirildi.

Hepdeligiň birinji gününde Bütindünýä saglyk güni mynasybetli sportuň dürli görnüşleri boýunça “Sport-sagdynlygyň we ruhubelentligiň girewidir” atly köpçülikleýin sport çäresi geçirildi. Bu çärä orta hünär okuw mekdebimiziň mugallymlarydyr talyp ýaşlary işjeň gatnaşdylar. Guralan çäräniň çäklerinde talyp ýaşlaryň arasynda sportuň dürli görnüşleri boýunça türgenleşik pursatlary, köpçülikleýin bedenterbiýe maşklary, sport bäsleşikleri hem-de görkezme çykyşlary geçirildi.

Hepdeligiň dowamynda “Türkmenistan bagy-bossan” atly Watanymyzy wasp edýän şekillendiriş sungatyna degişli eserlerden sergi guraldy. Dürli reňkli kagyzlaryň, matalaryň we däneleriň kömegi bilen sowgatlyk önümleri ýasamak boýunça talyplaryň ukyp-başarnygyny açyp görkezýän bäsleşik geçirildi. Köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek maksady bilen toparlaryň arasynda küşt, şaşka we tanap çekmek boýunça geçirilen bäsleşik örän gyzykly we çekeleşikli boldy. Şeýle hem, halkymyzyň özboluşly, nepis keçe sungatyny wasp edýän “Milli miras-naýbaşy sungat” atly söhbetdeşlik geçirildi.

Hepdeligiň dowamynda zähmet, aýdym-saz, şekillendiriş sungaty we bedenterbiýe derslerine degişli soraglara çalt jogap bermek bäsleşikleri, mugallymlaryň göreldeli sapaklary geçirildi.

Hepdeligiň ýapylyş dabarasynda aýdym-sazly çykyşlar ýerine ýetirildi, geçirilen çärelerde işjeňlik görkezen we bäsleşiklerde ýeňiji bolan talyplar hormat hatlary hem-de sowgatlar bilen sylaglanyldy.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: Zähmet, aýdym-saz, şekillendiriş …

Metbugat gullugy